Şu gün, 8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow, iş sapary bilen Aşgabada gelen, ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, taraplar iki ýurduň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlardaky işjeň we netijeli gatnaşyklary barada nygtap geçdiler.
Diplomatlar bilim, ylym, medeniýet we ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň sanlylaşdyrylmagy ugurlarynda türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berdiler.
Gazanylan ylalaşyklaryň çäklerinde Türkmenistanyň ABŞ-nyň 15-den gowrak bilim maksatnamalaryna gatnaşýandygy bellenildi. Iki ýurduň degişli ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.
Duşuşykda Türkmenistanda 25 ýyl bäri amala aşyrylýan «Medeni mirasy gorap saklamak boýunça Ilçiler gaznasy» Halkara maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi hakynda nygtaldy.
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, jemgyýetçilik bilen aragatnaşyklar we köpçülikleýin diplomatiýa ugurlaryndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Şol sanda hünär gatnaşyklaryny ösdürmek, tejribe alyşmak hem-de bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.