Turkmenportal logo
08.06.26
78927892
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Filippinleriň günortasynda kuwwaty 7,8 magnitudaly ýer titreme boldy

Duşenbe güni ir säher bilen Filippinleriň Mindanao adasynda 7,8 magnitudaly güýçli ýer titreme boldy. Betbagtçylygyň netijesinde azyndan 19 adam heläk boldy, 130-dan gowrak adam ýaralandy, birnäçe adamyň ykbaly bolsa henizem näbelli bolmagynda galýar. Ýer titremäniň merkezi General Santos şäherinden takmynan 13 kilometr günorta-günbatarda ýerleşip, iň uly weýrançylyk hem şol ýerde hasaba alyndy.

Ýerasty sarsgynlar General Santos şäherinde we onuň töweregindäki sebitlerde onlarça binanyň zeper ýetmegine hem-de bölekleýin ýykylmagyna sebäp boldy. Halas ediş işleri dowam edýär, häkimiýetler bolsa uzakdaky ýerlerden täze maglumatlaryň gelip gowuşmagy bilen pidalaryň sanynyň artmagynyň mümkindigini duýdurýarlar.

Ýuwaş umman sebitindäki sunami duýduryş merkezi ilki bilen Filippinleriň kenarlarynda beýikligi üç metre çenli, Indoneziýanyň we Malaýziýanyň käbir sebitlerinde bolsa bir metre çenli tolkunlaryň emele gelmek howpunyň bardygyny habar berdi. Kenarýaka sebitleriň ýaşaýjylaryna beýik ýerlere göçmek tabşyryldy. Soňra hünärmenler esasy howpuň geçendigini mälim etdiler.

Tebigy betbagtçylyk ýurduň döwlet mekdeplerinde täze okuw ýylynyň başlan ilkinji gününe gabat geldi. Zyýan çeken sebitlerde okuw mekdeplerindäki işler wagtlaýyn togtadyldy. Filippinleriň Gyzyl Haç jemgyýeti betbagtçylygy başdan geçiren çagalara psihologik goldaw bermek üçin hünärmenleri iberdi.

Prezident Ferdinand Markos Jr. ewakuasiýa merkezleriniň döredilendigini, ýol gulluklarynyň harabalyklary arassalaýandygyny we hünärmenleriň ýetirilen zyýanyň möçberine baha berýändigini aýtdy. Şeýle-de ýaşaýjylara gaýtadan ýer titremeleriniň bolup biljekdigi barada duýduryş berildi hem-de barlaglar tamamlanýança zeper ýeten binalara girmek gadagan edildi.

Filippinler Ýuwaş ummanyň «Ot halkasy» diýlip atlandyrylýan, dünýäniň iň işjeň seýsmiki guşaklarynyň birinde ýerleşýär. Şol sebäpli ýurt ýygy-ýygydan weýrançylykly ýer titremelerine we güýçli taýfunlara sezewar bolýar.

Filippinleriň günortasynda kuwwaty 7,8 magnitudaly ýer titreme boldy | Turkmenportal.com