Türkmenistan 2026-njy ýylyň 6-7-nji iýunynda Tokio şäherinde geçirilen Setagaýa festiwalyna özüniň ýörite diwarlygyny bilen gatnaşdy. Onda ýurduň baý medeniýeti we taryhy tanyşdyryldy.
Görkezilen gymmatlyklaryň hataryndan medeni mirasyň nusgalary, milli tagamlar, süýjülikler, halk amaly-haşam sungatynyň önümleri we ýadygärlik sowgatlyklary orun aldy.

Guramaçylaryň beren maglumatyna görä, Türkmenistanyň diwarlygy ýerli ýaşaýjylarda uly gyzyklanma döretdi. Sergä gelenler ýurt baradaky maglumat beriji serişdeler bilen ýakyndan tanyşdylar we Türkmenistana syýahat etmek mümkinçilikleri bilen gyzyklandylar. Bu çäre Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň has-da ösmegine ýardam etdi.