Turkmenportal logo
Düýn 22:39
69516951
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň maslahaty geçirildi

Aşgabatda «tegelek stol» görnüşinde Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda guralan maslahata ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň ýolbaşçylary hem-de Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuartyň ýolbaşçylygyndaky amerikan işewürlerinden ybarat wekiliýet gatnaşdy.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, maslahata gatnaşyjylar dünýäniň iň oňat tejribesini we öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga gyzyklanma bildirýän Türkmenistanyň netijeli hyzmatdaşlyga açykdygyny hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň işewür toparlarynyň türkmen bazarynda eýeleýän ornuny berkitmäge bolan ymtylmalaryny goldaýandyklaryny nygtadylar. Bellenilişi ýaly, ýurtda amatly maýa goýum ýagdaýy, işewürligi alyp barmagyň has oňaýly guramaçylyk-hukuk guraly döredildi.

Myhmanlar öňdebaryjy amerikan kompaniýalarynyň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini, Türkmenistanda giň gerimli döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmagy maksat edinýändiklerini tassykladylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentimiziň geçen ýylda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýyl Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran saparlarynyň iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmekde täze tapgyryň başyny başlandygy nygtaldy.

Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň alyp barýan işi hem-de uzak möhletleýinlik, özara bähbitlilik esasynda ýola goýulýan ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda onuň eýeleýän orny baradaky meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, bu düzüm tarapyndan guralýan yzygiderli işewürlik duşuşyklarynyň, forumlaryň we sergileriň iki ýurduň döwlet, hususy toparlarynyň arasynda ýakyn gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna ýardam edýändigi bellenildi. Senagat ulgamynda, oba hojalygynda, suw hojalygy üçin tehnikalary ibermekde söwda-maýa goýum işleri hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Ýangyç-energetika toplumyny, ulag-aragatnaşyk, gurluşyk, innowasion tehnologiýalar, kiberhowpsuzlyk, saglygy goraýyş, ekologiýa ulgamlaryny ösdürmek üçinem uly mümkinçilikler bar.

Maslahata gatnaşyjylar ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda, maýa goýumlarda, ýokary tehnologiýalar babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze derejä çykarylmagy, Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda haryt dolanyşygyny giňeltmegiň mümkinçilikleri barada aýdyp, ileri tutulýan ugurlarda bilelikde işlemegiň anyk meýilnamalaryny bellediler.

Iki ýurduň işewürleri hereket edýän düzümleriň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigine ünsi çekdiler. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň maýynda döredilen Türkmen-amerikan işewürlik hyzmatdaşlygy birleşiginiň (TABCA) Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda ozal hereket edýän platformalaryň üstüni ýetirmek bilen, gyzyklanma bildirilýän ugurlarda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin netijeli meýdança bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirildi.

Maslahat bilen ugurdaş Türkmenistanyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ABŞ-nyň işewür toparlary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary hem geçirildi.

Aşgabatda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň maslahaty geçirildi | Turkmenportal.com