Turkmenportal logo
Düýn 22:25
47504750
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň DIM-inde Azerbaýjanyň medeniýet ministri bilen duşuşyk geçirildi

Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Azerbaýjanyň Türkmenistandaky Medeniýet günlerine gatnaşmak üçin Aşgabatda saparda bolýan Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministri Adil Kerimli bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, taraplar medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de iki ýurduň halklarynyň arasyndaky däp bolan doganlyk gatnaşyklary pugtalandyrmakda medeniýetiň möhüm ornuny aýratyn bellediler. Medeniýet edaralarynyň, muzeýleriň, kitaphanalaryň, döredijilik toparlarynyň we ugurdaş bilim edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge aýratyn üns berildi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda geçirilýän Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet günleriniň iki ýurduň halklarynyň özara ýakynlaşmagyna ýardam berýän möhüm çäre hökmündäki ähmiýeti bellenildi. Medeni maksatnama çeper filmleriň görkezilişini, Azerbaýjanyň edebi we çeper mirasyna bagyşlanan okuw sapaklaryny, şeýle hem birnäçe sergileriň tanyşdyrylyşyny öz içine alýar. Çäreleriň iň ýokary nokady hökmünde azerbaýjanly sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda konsert geçiriler. Medeniýet günleri üç günüň dowamynda Aşgabat we Arkadag şäherlerinde geçirilýär.

Mundan başga-da, taraplar Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň baý taryhy-medeni mirasyny wagyz etmek maksady bilen, bilelikdäki medeni taslamalary durmuşa geçirmegiň, sergileri we beýleki çäreleri guramagyň möhümdigini bellediler. Şeýle hem iki ýurduň döredijilik intelligensiýasynyň wekilleriniň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň wajypdygy nygtaldy.

Şeýle-de taraplar halkara guramalaryň we medeni platformalaryň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, şeýle hem türkmen-azerbaýjan medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga gönükdirilen hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini ýola goýmak meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Gepleşikleriň ahyrynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar hem-de iki dostlukly döwletiň halklarynyň bähbidine konstruktiw dialogyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler diýlip, habarda bellenilýär.

Türkmenistanyň DIM-inde Azerbaýjanyň medeniýet ministri bilen duşuşyk geçirildi | Turkmenportal.com