Ozal habar berşimiz ýaly, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň 9-njy mejlisine gatnaşmak üçin Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň türk tarapynyň başlygy Jewdet Ýylmaz Türkmenistana sapar bilen geldi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, J.Ýylmaz saparynyň dowamynda Aşgabadyň gözel ýerlerine gezelençde boldy hem-de mukaddes künjeklere baryp, ýadygärliklere tagzym etdi. Soňra ol Aşgabadyň gözel künjeginde ýerleşýän «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna bardy.
Myhman türkmen halkynyň synmaz ruhuny alamatlandyrýan ýadygärliklerine gül desselerini goýup, türkmen halkynyň edermenligine, olaryň beýik maksatlara bolan ygrarlylygyna tagzym etdi. Ýurda sapar bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz ata Watany Türkmenistandaky myhmansöýerlik we saparyň medeni maksatnamasynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigi üçin Türkmenistanyň Prezidentine hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallygyny beýan etdi.