Turkmenportal logo
Düýn 23:58
60246024
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi

Şu gün Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi. Mejlisde iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň tagallalary netijesinde dost-doganlyk, özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan türkmen-türk hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürilýändigi bellenildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Mejlisde gurluşyk we gurluşyk serişdeleriniň senagaty, energetika, ulag, azyk senagaty, oba hojalygy ýaly iki ýurt üçin hem möhüm pudaklar özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary bolup durýandygy bellenildi. Duşuşykda türkmen we türk haryt öndürijileriniň iki ýurduň bazarlarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmak, ugradylýan harytlaryň görnüşlerini artdyrmak meselelerine seredildi.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň 9-njy mejlisiniň netijeleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.