Turkmenportal logo
Düýn 21:33
35343534
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
FIFA 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda stadionlara çüýşe getirilmegini gadagan etdi

FIFA 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň oýunlary geçirilýän wagty stadionlara plastik çüýşeleriň we beýleki gaplaryň getirilmegini gadagan etdi. Bu barada Reuters agentligi habar berýär.

Ilkibaşda guramaçylar boş, dury plastik çüýşeleri stadionlara alyp girmäge rugsat bermegi meýilleşdiripdiler. Emma soňky pursatda düzgünler has-da berkidildi. Täze talaplara laýyklykda, käseler, bankalar we beýleki gaty gaplar hem gadagan edilen zatlaryň sanawyna goşuldy. Şeýle çäklendirmeleriň girizilmegine howpsuzlyk aladalary sebäp boldy. Guramaçylar tomaşaçylaryň münberlerden zyňlyp bilinjek zatlaryň bolmagy sebäpli adamlaryň şikes almagyndan howatyrlanýarlar.

«FIFA ähli futbolçylaryň, eminleriň, janköýerleriň, meýletinçileriň we işgärleriň saglygyny hem-de howpsuzlygyny üpjün etmäge çalyşýar. Çüýşeleri gadagan etmek baradaky karar töwekgelçilikleriň we şikesleriň öňüni almak maksady bilen kabul edildi» — diýip, guramanyň resmi beýanatynda aýdylýar.

Täze düzgün yssy howa şertleri sebäpli janköýerleriň arasynda alada döretdi. Birnäçe stadionda howanyň temperaturasy Selsiý şkalasy boýunça 26–28 derejä çenli ýetmegine garaşylýar. Şeýle hem stadionlaryň içinde agyz suwy bilen üpjünçilik meselesi boýunça soraglar ýüze çykdy. FIFA tomaşaçylar üçin amatly şertleriň döredilmegi boýunça zerur çäreleriň görüljekdigini mälim etdi.

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionaty 11-nji iýundan 19-njy iýula çenli üç ýurtda — ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriler. Taryhda ilkinji gezek ýaryşa adaty bolşy ýaly 32 ýygyndy däl-de, 48 döwletiň milli ýygyndysy gatnaşar.