Belgiýanyň ýygyndysy Horwatiýanyň Riýeka şäherinde geçirilen ýoldaşlyk duşuşygynda bu ýurduň futbol boýunça milli ýygyndysyny 2:0 hasabynda ýeňdi. Belgiýanyň ýygyndysynyň düzüminde gollary Ýuri Tilemans (38-nji minut) we Romelu Lukaku (90+6-njy minut) geçirdiler.
Beýleki bir ýoldaşlyk duşuşygynda Gananyň ýygyndysy bilen Uelsiň ýygyndysynyň arasynda geçirilen oýun 1:1 hasabynda deňme-deň tamamlandy. Gananyň ýygyndysynyň düzüminde goly Kaleb Ýirenki (66-njy minut), ýer eýeleriniň tarapyndan bolsa Lýuis Kumas (90+3-nji minut) geçirdi.
Futbol boýunça 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde ýene bir duşuşyk Rabat şäherinde geçirildi. Onda Marokkonyň ýygyndysy Madagaskaryň ýygyndysyny 4:0 hasabynda uly hasap bilen ýeňdi.
Öňde boljak futbol boýunça dünýä çempionatynda (11-nji iýun – 19-njy iýul, ABŞ, Kanada, Meksika) Belgiýanyň ýygyndysy G toparçada Müsüriň, Eýranyň we Täze Zelandiýanyň milli ýygyndylary bilen bäsleşer.
Soňky dünýä birinjiliginiň bürünç medalynyň eýesi bolan Horwatiýanyň ýygyndysy bolsa L toparçada Angliýanyň, Gananyň we Panamanyň milli ýygyndylary bilen duşuşar.