Şu gün Türkmenistanda Bütindünýä welosiped güni giňden bellenilýär. Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişler, şeýle hem dabaraly çäreler uly ruhubelentlige beslenýär. Sagdynlyk, raýdaşlyk, dostluk we ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlylyk ýaly umumadamzat gymmatlyklarynyň ähmiýetini açyp görkezýän bu halkara baýram parahatçylygyň ilçisi, özara ynanyşmak we düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň nyşany hökmünde sporty giňden wagyz etmek üçin uly mümkinçilikleri açýar.
Mälim bolşy ýaly, Aşgabatda Olimpiýa şäherçesiniň çäginde welosport boýunça dünýä çempionatlaryny geçirmäge mümkinçiligi bolan Welotrek binasy, şeýle hem «Welosiped» binasy guruldy. 2018-nji we 2019-njy ýyllarda Aşgabatda geçirilen iň köpçülikleýin tälim beriş sapagynyň, iň dowamly, bir nyzamly welosipedli ýörişi Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

2018-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek hakynda, 2022-nji ýylda «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamalar biragyzdan kabul edildi.