Turkmenportal logo
Şu gün 10:30
75047504
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gyrgyzystanda sil joşgunlaryna we derýalaryň hanasyndan agmagyna garaşýarlar
Surat: ru.kabar.kg

Gyrgyzystanda 2-6-njy iýun aralygynda daglyk we dagetek etraplarda sillere hem-de derýalarda suwuň çişmegine garaşýarlar. Bu barada ýurduň Ulag we aragatnaşyk minsitrligine salgylanýan «Kabar.kg» habar berdi.

Ministrligiň maglumatlaryna laýyklykda, ýaramaz howa şertleri durnuksyz howa hem-de çaklanýan çabgalar bilen baglydyr. Olar bolsa, öz nobatynda sil süýşmelerine we derýalardyr howdanlarda suwuň çişmegine getirip biler.

Şunuň bilen baglylykda, ministrlik raýatlary seresaplylyk düzgünlerini berjaý etmäge, sapar wagtynda dykgatly bolmaga we ýola ugralanda howa şertlerini hasaba almaga çagyrdy.