Turkmenportal logo
Şu gün 18:17
21482148
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan bilen Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny giňeltmek barada pikir alyşdylar

Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde 1 — 3-nji iýun aralygynda geçirilýän Energiýa hepdeligi (Baku Energy Week) iri energetika çäresine «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Kemal Durdyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşýar. Bu çäre däp bolan nebitgaz pudagy bilen bir hatarda, ýaşyl energiýa we energiýa howpsuzlygy meselelerini öz içine alýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Çäräniň çäklerinde «Türkmengaz» DK-niň başlygynyň orunbasary K.Durdyýew bilen Azerbaýjanyň Döwlet nebit kompaniýasynyň (SOCAR) wise-prezidenti Elşad Nasyrowyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Onda taraplar hyzmatdaşlygyň täze ugurlary babatynda käbir meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Gepleşigiň dowamynda taraplaryň bar bolan mümkinçilikleriň hasabyna ikitaraplaýyn özara hereketleriniň dowam etdirilmegine taýýarlygy barada hem aýdylyp geçildi.