Turkmenportal logo
Şu gün 09:47
45864586
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
BSGG-niň ýolbaşçysy ebola ýokanjynyň möwjän ýerine bardy
Surat: gazeta.ru

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Adanom Gebreýesus Kongo Demokratik Respublikasynyň (KDR) ebola ýokanjyndan has köp ejir çeken etrabyna bardy. Bu barada «Sky News» teleýaýlymyna salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi.

Gebreýesus ýerli ýaşaýjylary lukmançylyk kömegi üçin ýüz tutmaga hem-de gurban bolan dogan-garyndaşlaryny howpsuz ýerlemek düzgünlerini berjaý etmäge çagyrdy. Onuň sözlerine görä, ýokanjyň häzirki bundibugio gyzzyrmasy görnüşiniň garşysyna makullanan bejergi usullarydyr sanjymlar ýok.

«Kongo Demokratik Respublikasy öň hem on alty gezek ebola ýokanjy bilen ýüzbe-ýüz boldy, emma her gezek öňüni almagy başardy. Bu eýýäm on ýedinji gezek. Öň toplanan tejribe mende keseli ýeňip geçjekdigimize ynam döredýär» diýip, Gebreýesus nygtady.

Soňky maglumatlara görä, KDR-de keseliň çak edilýän 1028 ýagdaýy hasaba alyndy, olaryň 225-si tassyk boldy. 906 adamyň gurban bolandygy, keseliň ýurduň üç ülkesinde, şeýle-de goňşy Ugandada hasaba alnandygy bellenýär. Emma sebitde lukman ýetmezçiligi ýagdaýy has ýitileşdirýär.

17-nji maýda BSGG bu ýurtda we Ugandada ebola gyzzyrmasy ýokanjynyň ýaýramagyny saglygy goraýyş ulgamynda adatdan daşary ýagdaý diýip yglan etdi.