Turkmenportal logo
Şu gün 16:49
31113111
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň ilçihanasy Buharestde Bütindünýä welosiped güni mynasybetli welosipedli ýöriş gurady

Buharest şäherinde Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Rumyniýadaky Türkmenistanyň ilçihanasy tarapyndan welosipedli ýöriş geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Çäre Buharest şäher häkimliginiň hem-de «Ýaşyl rewolýusiýa» birleşiginiň goldaw bermeginde guraldy. Welosipedli ýörişe Rumyniýada akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň ilçihanalarynyň wekilleri, Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň işgärleri, türkmen raýatlary we talyplar gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçisi Annamämmet Annaýew çykyşynda Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatyny ilerletmekde, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda hem-de sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde sport diplomatiýasynyň möhüm ornuny belledi.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2018-nji ýylda kabul edilen Kararnama laýyklykda esaslandyrylan Bütindünýä welosiped gününiň ähmiýeti aýratyn bellenildi. Şeýle hem Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2022-nji ýylyň 15-nji martynda kabul edilen «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» hakynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasynyň ähmiýeti nygtaldy.