Parižiň «Pari Sen-Žermen» topary 2025/26 möwsüminiň UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy. Final duşuşygynda ol Londonyň «Arsenal» toparyny penalti tapgyrynda ýeňmegi başardy. Oýnuň esasy hem-de goşmaça wagty 1:1 hasabynda deň-deň tamamlandy.
Oýunda hasaby Londonyň kluby açdy. Duşuşygyň 6-njy minutynda Kaý Hawers «Arsenaly» öňe çykaryp, toparyna oýnuň ilkinji pursatlarynda ynam berdi. Şeýle-de bolsa, 65-nji minutda Usman Dembele penaltini üstünlikli ýerine ýetirip, hasapdaky deňligi dikeltdi. Goşmaça wagtda-da toparlaryň hiç biri garşydaşynyň goragyny böwsüp bilmedi we kubogyň ykbaly penaltiler tapgyrynda çözüldi. Bu gezek üstünlik parižlileriň tarapynda boldy.
Duşuşygyň dowamynda PSŽ topa doly gözegçilik etdi: topar topa eýelik etmekde 72% görkeziji gazanyp, «Arsenalyň» 28%-lik netijesinden ep-esli üstün çykdy. Şeýle hem parižliler derwezä 19 urgy geçirip, 11 gezek burçdan urmak hukugyny gazandylar. Londonyň topary esasan gorag taktikasy bilen hereket edip, bary-ýogy 5 urgy bilen çäklendi, ýöne muňa garamazdan oýny penaltiler tapgyryna çenli ýetirmegi başardy.
Bu ýeňiş «Pari Sen-Žermen» üçin Çempionlar ligasyndaky yzly-yzyna gazanylan ikinji çempionlyk boldy. Geçen möwsümde hem parižliler Ýewropanyň iň abraýly klub kubogyny eýeläp, finalda «Inter Milan» toparyny 5:0 hasabynda uly tapawut bilen ýeňipdiler.