Turkmenportal logo
Şu gün 15:46
28432843
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan bilen Kubanyň arasynda bilelikdäki ykdysady çäreleri guramagyň mümkinçiliklerine garaldy
Surat: mfa.gov.tm

27-nji maýda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň ýokary derejeli açyk pikir alyşmalarynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Kuba Respublikasynyň daşary işler ministri Bruno Rodriges Parrilýanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň berýän habaryna görä, gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-kuba hyzmatdaşlygynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky häzirki ýagdaýyny hem-de ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berildi.

Ministrler daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli dialogy dowam etdirmegiň möhümdigini nygtadylar, şeýle hem saglygy goraýyş, oba hojalygy, sport we syýahatçylyk ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Şeýle hem diplomatlar iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň möhümdigini nygtap, bilelikdäki ykdysady çäreleri guramagyň mümkinçiliklerine garadylar. Şunuň bilen baglylykda, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny giňeltmegiň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi.

Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar Türkmenistan bilen Kuba Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda mundan beýläk-de pugtalandyrmaga özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar diýlip, habarda bellenilýär.