Turkmenportal logo
Şu gün 10:15
34233423
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Daşary ýurtly kärdeşleri Türkmenistanyň Prezidentini Gurban baýramy mynasybetli gutladylar

Döwlet Baştutanlary we Hökümet ýolbaşçylary Gurban baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa gutlag hatlaryny iberdiler. Bu barada TDH habar berýär.

​Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan öz gutlag hatynda türkmen Liderine berk jan saglyk we bagt, doganlyk türkmen halkyna bolsa parahatçylyk hem-de abadançylyk arzuw edip, bu mukaddes baýramyň bütin adamzada parahatçylyk we agzybirlik getirmegine bolan ynamyny bildirdi.

​Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew dostluk, doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk we strategik hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň çalt depginler bilen ösýändigini belledi we iki ýurduň arasyndaky kötaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de berkidiljekdigine ynam bildirdi.

​Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon mukaddes baýramyň däp-dessurlarynyň asyrlarboýy halklaryň ynsanperwerlik, sahylyk, rehimdarlyk, adalatlylyk we özara ýardamlaşmak ýaly ruhy gymmatlyklara bolan ygrarlylygyny goldap gelýändigini nygtady.

​Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow özara ynama, dostluga we hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

​Gutlag iberenleriň arasynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan, Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifa we Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Mişaal Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabah hem bar. Liderler Türkmenistanyň Prezidentine berk jan saglyk we bagt, türkmen halkyna hem-de bütin yslam ymmatyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdiler.

​Şeýle hem Türkmenistanyň Baştutanynyň adyna Palestina Döwletiniň Prezidenti Mahmud Abbas gutlag hatyny iberip, Palestina halkynyň adyndan Türkmenistanyň halkyna parahatçylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.