Hajy Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedow, ozal habar berşimiz ýaly, Arkadag şäheriniň merkezi künjeginde ýerleşýän «Märkäw» medeni-dynç alyş merkezinde gurbanlyk sadakasyny berdi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Ahal welaýatynyň ymamy tebärek çykyp, hajy Arkadagyň berýän gurbanlyk sadakasynyň kabul bolmagyny dileg etdi. Soňra hajy Arkadagyň berýän gurbanlyk sadakasyna gatnaşyjylara nahar çekildi. Munuň özi häzirki zaman türkmen jemgyýetinde gadymdan gelýän durmuş ýörelgeleriniň dowamata atarylýandygyny, ýaşlaryň paýhasly pederleriň ruhy-ahlak gymmatlyklary esasynda terbiýelenýändigini görkezýär. Bu bolsa ynsanperwerligiň belent nusgasydyr.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri gurbanlyk sadakalarynyň kabul bolmagyny dileg edip, bu ýerden ugrady.