Turkmenportal logo
Düýn 23:16
10541054
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Saparmyrat Nyýazow hatyralandy

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, hajy Arkadag Gypjakdaky Türkmenbaşynyň ruhy metjidinde Gurban baýramynyň başlanýandygyny alamatlandyran baýram namazyny okady. Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri Ýaşulular geňeşiniň agzalary we daşary ýurtly diplomatlar bilen bilelikde Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň we onuň maşgala agzalarynyň aram tapan ýerine bardy. Bu ýerde merhumlaryň jaýynyň jennet, ruhlarynyň şat bolmagy dileg edilip, aýat okaldy. Hemmeler merhumyň ýatan ýeriniň ýagty, imanynyň hemra bolmagyny dileg etdiler. Munuň özi hajy Arkadagyň ýolbaşçylygynda merhumlaryň ýatlanylýandygynyň, olaryň ruhuna tagzym etmek däpleriniň dowam edýändiginiň aýdyň beýanydyr.