Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, hajy Arkadag Gypjakdaky Türkmenbaşynyň ruhy metjidinde Gurban baýramynyň başlanýandygyny alamatlandyran baýram namazyny okady. Şeýle-de Arkadag şäherindäki metjidiň gurluşyk işleri bilen tanyşdy hem-de täze şäherde gurbanlyk sadakasyny berdi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, hajy Arkadag Türkmenbaşynyň ruhy metjidine ýygnanlary mukaddes Gurban baýramy bilen gutlap, şu günden başlap 3 günüň dowamynda ediljek doga-dilegleriň, beriljek sadakalaryň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg edip, metjide girdi. Sebitde iň uly metjit hasaplanýan Türkmenbaşynyň ruhy metjidinde agzybirlikde baýram namazy okaldy. Baýram namazy okalandan soňra ýurduň parahat, asmanyň asuda, ýyllaryň rysgal-bereketli, okalýan aýat-töwirleriň, berilýän sadakalaryň kabul bolmagy dileg edildi.