Turkmenportal logo
27.05.26
1963719637
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
R.Meredow BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň açyk pikir alyşmalarynda Bitaraplygyň dostlary toparynyň adyndan çykyş etdi

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow MG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň ýokary derejeli açyk pikir alyşmalarynyň dowamynda parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine döredilen Bitaraplygyň dostlary toparynyň adyndan çykyş etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berýär.

R.Meredow öz çykyşynda Bitaraplygyň dostlary toparynyň adyndan dört esasy ugruň üstünde durup geçdi.

Birinjiden, Birleşen Milletler Guramasynyň merkezi ornunyň hem-de BMG-niň Tertipnamasynyň maksatlarynyň we ýörelgeleriniň häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň esasy hökmünde üýtgewsiz ähmiýetiniň bardygy tassyklanyldy.

Ikinjiden, häzirki halkara meselelerini çözmekde diplomatiýanyň, araçylyk etmegiň we dialogyň barha artýan ornuna üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, topar Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2026-njy ýylyň 20-nji maýynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnamanyň kabul edilmegini gutlady.

R.Meredow bitaraplygyň gapma-garşylyklaryň öňüni almakda, araçylyk etmekde, döwletleriň arasynda ynanyşmagy berkitmekde we parahatçylykly hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm gural bolup durýandygyny nygtady.

Üçünjiden, parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň özara berk baglanyşygy aýratyn nygtaldy. Sebitleýin we sebitara baglanyşygy, durnukly ulag ulgamlaryny we ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň durnuklylygyň, ynamyň we ösüşiň möhüm şertleri bolup durýandygy bellenildi.

Dördünjiden, Birleşen Milletler Guramasynyň netijeliligini we abraýyny mundan beýläk-de berkitmegiň, şeýle hem köptaraplaýyn diplomatiýanyň ornuny güýçlendirmegiň zerurdygy nygtaldy.

Çykyşyň ahyrynda türkmen diplomaty Bitaraplygyň dostlary toparynyň adyndan onuň parahatçylygy, ynanyşmagy, dialogy we Birleşen Milletler Guramasynyň merkezi utgaşdyryjy ornunda konstruktiw halkara hyzmatdaşlygyny berkitmäge gönükdirilen halkara tagallalary goldamaga ygrarlydygyny tassyklady.