27-nji maýda irden Türkmenistanyň metjitlerinde Gurban baýramy mynasybetli baýram namazy okalar. Ýurdumyzyň şäherlerinde we obalarynda ýaşaýan raýatlarymyz yslamyň iň uly baýramlarynyň birini bellemek üçin metjitlere ýygnanarlar.
Aşgabatda we Arkadag şäherinde baýram namazy sagat 06:35-de başlanar. Ahal welaýatynyň metjitlerinde hem baýram namazy şol wagtda — 06:35-de okalar. Mary we Daşoguz welaýatlarynda dindarlar namaza sagat 06:25-de başlarlar, Lebap welaýatynda bolsa baýram namazy 06:10-da ýerine ýetiriler. Balkan welaýatynyň metjitlerinde baýram namazy sagat 06:45-de okalar.
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permanyna laýyklykda Türkmenistanda Gurban baýramy maý aýynyň 27-ne, 28-ne we 29-na belleniler. Bu resminama laýyklykda eýeçiliginiň görnüşine garamazdan ähli edaralara, kärhanalara we guramalara Permanyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmeklik tabşyrylýar.