Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň Prezidenti Mihail Kawelaşwilä hem-de Premýer-ministri Irakliý Kobahidzä Gruziýanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.
«Biz Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda ýola goýlan dostlukly gatnaşyklara uly ähmiýet berýäris. Ýurtlarymyzyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de dürli ugurlar boýunça ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna ynam bildirýäris» diýip, döwlet Baştutany hatynda belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Mihail Kawelaşwilä we Premýer-ministr Irakliý Kobahidzä berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Gruziýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.