Balkan welaýatynyň merkezi Balkanabat şäherindäki Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Balkan welaýat döwlet drama teatrynda «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň welaýat derejesindäki jemleýji tapgyry geçirildi. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, bäsleşigiň dowamynda welaýatyň şäherleridir etraplarynda deslapky tapgyrlarda öňe saýlanan ýaş bagşylaryň, sazandalaryň çeper döredijilik ussatlygy gözden geçirildi.

Bäsleşige gatnaşan 18 — 35 ýaş aralygyndaky bagşylar, sazandalar onuň şertlerine laýyklykda, iki bagşy we iki sazanda ýeňijiler diýlip ykrar edildiler. Has takygy, ýaş bagşylardan Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halk sazy fakultetiniň bagşy hünäriniň 2-nji ýyl talyby Güýçberdi Gulow, ýene-de şu ady agzalan konserwatoriýanyň halk sazy fakultetiniň bagşy hünäriniň 5-nji ýyl talyby Güljemal Çakanowa, ýaş sazandalardan Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halk sazy fakultetiniň türkmen halk sazy hünäriniň 3-nji ýyl talyby Öwezgeldi Gutlyýew, Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň türkmen milli saz gurallary bölüminiň 4-nji ýyl talyby Gülöwser Nurtaganowa ýeňijiler boldular.

Olar «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar diýlip, habarda bellenilýär.