Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty tarapyndan ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen IV açyk halkara internet olimpiadasynyň jemleri jemlenildi.
Şu ýylky bäsleşige Türkmenistan, Russiýa, Belarus, Özbegistan, Gazagystan, Ermenistan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Pakistan, Azerbaýjan, Türkiýe we Germaniýa ýaly 12 ýurtdan 39 ýokary okuw mekdebiniň 140 talyby gatnaşdy.
Olimpiadanyň netijeleri boýunça 66 gatnaşyjy baýrakly orunlara mynasyp boldy. Şolaryň hatarynda 11 sany birinji, 22 sany ikinji we 33 sany üçünji orun bar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn Asyr» neşiri habar berýär.
Bäsleşikde türkmen talyplary ýokary netijeleri görkezip, jemi 21 baýrakly orny eýelediler. Olaryň arasynda 2 birinji, 9 ikinji we 10 üçünji orun bar.
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby Nursoltan Mämmedowa hem-de Türkmenistanyň Döwlet maliýe institutynyň talyby Elnara Derbaşowa birinji orunlara mynasyp boldular.
Daşary ýurtly talyplar hem bäsleşikde üstünlikli çykyş edip, 45 baýrakly orny eýelediler. Şolaryň 9 sany birinji orny Russiýanyň, Pakistanyň, Ermenistanyň, Gazagystanyň we Germaniýanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary eýeledi.
Her ýyl geçirilýän bu olimpiada zehinli ýaşlary ýüze çykarmak üçin netijeli meýdança bolup, ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky bilim we dostluk gatnaşyklarynyň pugtalanmagyna uly goşant goşýar.