Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi. Duşuşykda türkmen halkynyň Milli Lideri Türkiýäniň dokma senagaty pudagynda tanalýan, görnükli işwür, tanymal şahsyýet, Ahmet Çalygyň kakasy Mahmyt Çalygyň aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanjyny beýan etdi. «Merhumyň jaýy jennet, ýatan ýeri ýagty bolsun» diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri işwüre hem-de onuň dogan-garyndaşlaryna, ýakynlaryna medet beriji sözlerini aýtdy.
Işewür agyr ýitgi zerarly medet beriji sözleri üçin Gahryman Arkadaga tüýs ýürekden hoşallygyny bildirdi.
Türkmenistanda köp ýyllaryň dowamynda iş alyp barýan «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygyň kakasynyň aradan çykanlygy sebäpli duýgudaşlyk bildirilip, aýat okaldy. Ondan merhumyň imanynyň hemra, jaýynyň jennet hem-de ruhunyň şat bolmagy dileg edildi.