Turkmenportal logo
Şu gün 12:05
34653465
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan WCA 2026 sergisinde alty ýurduň kompaniýalary bilen ylalaşyklar toplumyna gol çekdi

24-nji maýda «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara köpugurly sergisiniň (WCA 2026) we maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň hökümetiniň, häkimlikleriň we daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Ylalaşyklar sanly tehnologiýalar, energetika, ulag, agyr senagat we şäher düzümi ýaly ugurlary öz içine aldy.

Sanly ulgamda Türkmenistanyň Energetika ministrligi, Aragatnaşyk ministrligi hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrligi Singapuryň «Bitdeer Technologies Group» kompaniýasy köptaraply özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Bu resminama sanly düzümi we tehnologik ekoulgamlary ösdürmegi, şeýle-de ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmaga hem-de pudaklary sanly ulgama geçirmäge ýardam bermegi göz öňünde tutýar.

Energetika ulgamynda Türkmenistanyň Energetika ministrligi Ýaponiýanyň «Muroosystems Corporation» kompaniýasy bilen innowasion tehnologiýalar we pudagy döwrebaplaşdyrmak ugrunda hyzmatdaşlygyň esasy borçlandyrmaýan şertleri hakynda ylalaşyk baglaşdyrmaly boldy.

Senagat ugrunda «Türkmenhimiýa» döwlet konserni Ýaponiýanyň «Mitsubishi Heavy Industries Asia Pacific Pte. Ltd.», «Mitsubishi Corporation Machinery Inc.» hem-de Türkiýäniň «Çalik Enerji Sanayi ve Ticaret A.Ş.» kompaniýalaryndan ybarat bolan konsorsium bilen «Garabogazkarbamid» zawodynyň ammiak we karbamid toplumyna tehniki hyzmat etmek we abatlamak boýunça ähtnama gol çekdi. Konsern Hytaý Halk Respublikasynyň «Hong Kong Richie Sweet Co., Ltd.» kompaniýasy bilen bolsa önümçilik kuwwatlyklaryny giňeltmek we maýa goýum hyzmatdaşlygy barada aýratyn ähtnama baglaşdy.

Ulag ulgamynda Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligi Germaniýanyň «Inros Lackner SE» kompaniýasy bilen özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi, şeýle hem Hytaýyň «Shantui Construction Machinery Co., Ltd.» we «Sinotruk Hong Kong Capital Holding Limited» kompaniýalary bilen tehnikalary getirmek, awtoparky täzelemek we logistikany ösdürmek boýunça ylalaşyklar baglaşdy.

Şäher derejesinde Aşgabat şäher häkimligi «Gök depeler» ykdysady jemgyýeti bilen Büzmeýin etrabynyň Bagyr ýaşaýyş toplumynda hersi 720 orunlyk iki sany mekdebiň we 320 orunlyk çagalar bagynyň taslamasyny düzmek hem-de gurmak barada şertnamalara gol çekdi. «Hil merkez» hususy kärhanasy bilen bolsa şol sebitiň ýaşaýjylary üçin saglyk merkezini gurmak barada şertnama baglaşyldy.