Pireý şäheriniň «Olympiakos» basketbol kluby 2025/26 möwsüminiň Ýewroliganyň çempiony boldy. Afinadaky «Telekom Center Athens» arenasynda geçirilen final duşuşygynda grek kluby Madridiň «Real» toparyny 92:85 hasabynda ýeňdi — diýip, Sport-Express neşiri habar berýär.
Duşuşyga «Real» topary ynamly başlady — oýnuň ilkinji minutlarynda 15:3 hasabyndaky tapawut ispan klubuna artykmaçlyk getirdi. Emma Georgios Barsokas tarapyndan alnan taým-autdan soň, grekler kem-kemden hasapdaky aratapawudy azaltdy we netijede öňe saýlandy. Oýnuň soňky böleginde «Olympiakos» mümkinçiliklerinden has netijeli peýdalandy, şol bir wagtyň özünde bolsa «Real» toparynyň zyňan toplary nyşana düşmegini bes etdi. Jemleýji hasap — 92:85.
Finalda «Olympiakos» toparynyň iň gowy oýunçysy fransuz goragçysy Ewan Furnýe boldy — ol 20 utuk gazanyp, 5 ribaund etdi we 4 netijeli pas berdi. «Real» toparynyň düzüminde kanadaly hüjümçi Treý Laýlz tapawutlandy — onuň hasabynda 24 utuk we 8 ribaund boldy. Madridiň klubunyň beýleki hüjümçisi Mario Hezonýa hem 19 utuk we 5 pas bilen tapawutlanmagy başardy.
«Dörtleriň finaly» ýaryşynyň netijeleri boýunça iň gymmatly oýunçy (MVP) diýen hormatly ada Ewan Furnýe mynasyp boldy.
Bu çempionlyk «Olympiakos» klubynyň taryhynda dördünji, 2012/13 möwsüminden bäri bolsa ilkinji çempionlygy boldy. Ýewroligada iň köp çempionlyk gazanan klub hökmünde rekord henizem «Real» toparyna degişli — olaryň hasabynda 11 çempionlyk bar.