22-nji maýda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Baş Sekretary Dmitriý Kobiskiý bilen duşuşdy.
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň çäklerinde geçirilen duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy ýurduň ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik, deňhukuklylyk we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň giňişliginde netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna we giňeldilmegine aýratyn ähmiýet berýändigini belledi. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň metbugat gullugy habar berdi.
Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Mejlisiniň Parlamentara Assambleýa bilen gatnaşyklary ösdürmäge we onuň çäklerinde kanun çykaryjylyk işi, sanlylaşdyrma, ýaşlar syýasaty, gender deňligi, durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmegi, parlament diplomatiýasy, şeýle hem hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma bildirilýän beýleki ugurlary boýunça tejribe alyşmaga taýýardygy nygtaldy.
Duşuşygyň barşynda taraplar Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlament Assambleýasynyň çäklerinde geçirilýän çäreleriň, duşuşyklaryň ýurtlaryň parlamentleriniň arasynda ýola goýlan gatnaşyklary ösdürmäge, parlament diplomatiýasyny ilerletmäge, şeýle hem kanun çykaryjylyk işiniň öňdebaryjy tejribesini alyşmaga mümkinçilik berýändigini bellediler.
Şeýle hem 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde ýurtda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara we parlamentara çäreleriň guramaçylyk meseleleri boýunça özara pikir alşyldy.