Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Raisi Rustam Minnihanowa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkynyň adyndan iberen Alabaý hem-de Alaja atly arassa ganly tohum itleri gowşuryldy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Tatarystan Respublikasynyň Baştutany türkmen tarapyndan gowşurylan Alabaý hem-de Alaja atly alabaýlary aýratyn hoşallyk hem-de ruhubelentlik duýgusy bilen kabul etdi.

Munuň özi türkmen-tatar dostlugynyň nyşany bolmak bilen birlikde, itşynaslyk ylmyny ösdürmäge we Tatarystanda arassa ganly türkmen alabaýlaryny wagyz etmäge saldamly goşantdyr.
Ýeri gelende 2021-nji ýylda hem Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowa Akdost (Akdus) atly türkmen alabaýynyň sowgat berlendigini bellemek gerek. Ol 2024-nji ýylda «Merkezi Aziýa owçarkasy» diýen ýaryşda iki ugur boýunça Russiýanyň çempiony hem bolupdy.