Turkmenportal logo
Şu gün 00:28
1476614766
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gurbanguly Berdimuhamedow kömür şahtasynda bolan heläkçilik Hytaýyň Başlygyna gynanç bildirdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine ýurduň Şansi welaýatynda ýerleşýän kömür şahtasynda bolup geçen gaz partlamasynyň köp sanly adam pidalaryna hem-de şikes ýetmelerine getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi.  Bu barada TDH ýazýar.

Gahryman Arkadag şu kynçylykly pursatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýürekden gynanjyny hem-de medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.