Turkmenportal logo
Şu gün 13:01
46664666
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda «Ak şäherim Aşgabat» sergisine ýedi awtobus ugry bilen baryp bolar

24-nji maýda Aşgabatda «Ak şäherim Aşgabat» XXV halkara köpugurly sergisi öz işine başlar. Sergi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda — Çandybil şaýoly, 143-nji jaýda geçiriler.

Sergide senagat, gurluşyk, energetika, şäher gurluşygy, tehnologiýalar we hyzmatlar pudaklarynda iş alyp barýan 180-den gowrak kompaniýanyň önümleri we çözgütleri görkeziler. Gatnaşyjylaryň arasynda türkmen işewürligi bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly kompaniýalar bar.

Serginiň çäklerinde B2B görnüşindäki işewürlik duşuşyklary, gepleşikler, tanyşdyryşlar we täjirçilik teklipleriniň alşylmagy meýilleşdirilýär.

Sergi Aşgabat şäheriniň 145 ýyllygyna bagyşlanýar.

Iş tertibi:

  • 24-nji maý — sagat 12:00-dan 18:00-a çenli

  • 25-nji maý — sagat 09:00-dan 15:00-a çenli

Serginiň geçirilýän ýerine № 35, 54, 56, 57, 58, 103 we 121 belgili awtobuslarda baryp bolar.