Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň anna güni geçirilen mejlisinde wise-premýer B. Seýidowa iýun aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän esasy jemgyýetçilik-medeni çäreleriň tertibi barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, geljek aýda Çagalary goramagyň halkara güni, Bütindünýä welosiped güni, Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni, Ylymlar güni, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli dürli dabaralar, aýdym-sazly we medeni çäreler, sergiler, sport ýaryşlary hem-de bäsleşikler geçiriler.
Mundan başga-da, paýtagtymyzda Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri, birnäçe halkara maslahatlar, olimpiadalar we sergiler geçiriler.
Şeýle hem «Çalsana, bagşy!» atly bäsleşigiň Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlary boýunça jemleýji tapgyrlaryny, şeýle-de «Talyp joşguny – 2026» döredijilik festiwalynyň jemleýji tapgyryny geçirmek meýilleşdirilýär.
Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli aýdym-sazly çäreleri guramak göz öňünde tutulýar.
Şu ýylyň iýun aýynda Arkadag şäheriniň baýramçylyk meýdançasynda şäheriň açylmagynyň 3 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre geçirmek meýilleşdirilýär.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer degişli teklibi döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürledi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu çärelere ýokary derejede taýýarlyk görmegiň zerurdygyny nygtap, öňde boljak dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejede geçirilmeginiň möhümdigine aýratyn üns çekdi. Döwlet Baştutany wise-premýere degişli tabşyryklary berdi — diýip, TDH agentligi habar berýär.