Turkmenportal logo
Şu gün 00:16
77257725
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Premýer-ministrini kabul etdi

22-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana sapar bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri Abdulla Aripowy kabul etdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Premýer-ministr türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan etdi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň  Türkmenistanyň Prezidentine we türkmen halkynyň Milli Liderine iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Premýer-ministre Türkmenistana gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. 

Söhbetdeşligiň barşynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary uzakmöhletleýin hem-de strategik häsiýete eýedir. Häzirki wagtda iki dostlukly ýurt diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, BMG, ÝHHG, YHG ýaly abraýly halkara we sebit düzümleriniň, GDA-nyň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler.  

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti we Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri köpasyrlyk goňşuçylyga esaslanýan türkmen-özbek gatnaşyklarynyň has-da pugtalandyryljakdygyna ynam bildirip, birek-birege we iki ýurduň  doganlyk halklaryna  iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.