22-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana sapar bilen gelen Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzodany kabul etdi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, myhman myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan etdi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň Türkmenistanyň Prezidentine we türkmen halkynyň Milli Liderine iberen salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistanyň Prezidenti Emamoli Rahmona iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Täjigistanyň Hökümetiniň ýolbaşçysyna Türkmenistana gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.
Söhbetdeşligiň barşynda döwlet Baştutany Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasy bilen deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge hem-de pugtalandyrmaga aýratyn uly ähmiýet berýändigini belledi.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti we Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri iki ýurduň dost-doganlyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ygrarlydyklaryny tassyklap, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.