22-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana sapar bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenowy kabul etdi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, myhman Gazagystanyň wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekde hoşllyk bildirip, iki ýurdy diňe bir goňşuçylyk däl, eýsem, hakyky doganlyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygyny belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň Türkmenistanyň Prezidentine we türkmen halkynyň Milli Liderine iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti dostlukly ýurduň döwlet Baştutanyna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Gazagystanyň Hökümetiniň ýolbaşçysyna Türkmenistana gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.
Söhbetdeşligiň barşynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Gazagystan Respublikasy bilen deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we birek-birege goldaw bermek ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge hem-de berkitmäge aýratyn uly ähmiýet berýär.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti we Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri birek-birege berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet işlerinde üstünlikleri, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa mundan beýläk-de ösüş we abadançylyk arzuw etdiler.