Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda iki sany her biri 720 orunlyk umumybilim berýän mekdep, 320 orunlyk çagalar bagy hem-de saglyk öýi gurlar. Aşgabadyň binagärlik, şäher gurluşyk keşbini hasam gözelleşdirmek maksady bilen Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli Karara şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimligine Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda iki sany her biri 720 orunlyk umumybilim berýän mekdebiň, 320 orunlyk çagalar bagynyň hem-de saglyk öýüniň taslamalaryny düzmek we olaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada ýerli gurluşyk kärhanalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi. Gurluşyk işlerini 2026-njy ýylyň maý aýynda başlamak hem-de umumybilim berýän mekdepleri we çagalar bagyny 2027-nji ýylyň sentýabr aýynda, saglyk öýüni 2027-nji ýylyň oktýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip, tabşyrmak bellenildi.