Turkmenportal logo
Düýn 12:30
96259625
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň Hökümet baştutany bilen duşuşdy

Şu gün — 22-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Aşgabada gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Ali Asadow bilen duşuşyk geçirdi.

Azerbaýjanyň Ministrler Kabinetiniň saýtynyň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda azerbaýjanly premýer-ministr Türkmenistanyň Liderine Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň salamyny ýetirdi. Serdar Berdimuhamedow mähirli salam üçin minnetdarlyk bildirip, Azerbaýjan döwletiniň Baştutanyna-da özüniň salamyny ýetirmegi haýyş etdi.

Gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky özara ynama esaslanýan syýasy dialogyň işjeň ösýändigini bellediler. Şeýle hem dürli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.