Turkmenportal logo
Düýn 11:32
92089208
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda «Konserwatoriýa zehinleri — 2026» bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda okaýan talyplaryň arasynda ýerine ýetirijilik, dirižýorlyk etmek, sazşynaslyk we kompozisiýa ugurlary boýunça «Konserwatoriýanyň zehinleri – 2026» atly bäsleşik geçirildi. 

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň resmi saýtynda berilýän habara görä, bäsleşik 2 tapgyrdan ybarat boldy. Netijede iň ökde talyplar «Konserwatoriýanyň zehinleri — 2026» atly bäsleşigiň ýeňijileri diýlip yglan edildi.

Bäsleşige jemi 278 talyp gatnaşyp, olardan 1-nji orna 12, 2-nji orna 18, 3-nji orna 23, Hormat hatyna 32 talyp mynasyp boldy. 

Bäsleşik ýeňijilere diplomlar, Hormat hatlar hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlarynyň gowşurylmagy bilen jemlendi.