Turkmenportal logo
Düýn 11:24
1026610266
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň 120 ýyllygyna bagyşlanan edebi agşam geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplarynyň gatnaşmagynda ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygyna bagyşlanyp «Durmuş ýoly — kitap bilen başlanýar» atly edebiýat agşamy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Edebiýat agşamyna ýazyjy-şahyrlar hem-de Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyp ýaşlary gatnaşdylar. 

Çykyş edenler ýazyjynyň ömri we döredijiligi hakynda giňişleýin gürrüň berdiler. 

Nurmyrat Saryhanow — häzirki zaman türkmen edebiýatynyň düýbüni tutujylaryň biri, eserleri dünýäniň köp dillerine terjime edilen görnükli türkmen ýazyjysydyr. Onuň iň meşhur eseri «Şükür bagşy» powestidir.