Turkmenportal logo
Düýn 11:14
91629162
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Galkynyş» topary Stambuldaky Etnosport festiwalynda Türkmenistana wekilçilik edýär

Türkmenistanyň «Galkynyş» at üstündäki oýunlar topary 25 adamlyk düzümi bilen 21–24-nji maý aralygynda Stambulyň Atatürk adyndaky howa menziliniň çäginde geçirilýän VIII Etnosport festiwalyna gatnaşýar. Topara Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Serdar Pygyýew ýolbaşçylyk edýär. Gatnaşyjylar festiwalyň çäklerinde ilkinji çykyşlaryny eýýäm görkezdiler we olaryň çykyşlary 24-nji maýa çenli dowam eder.

Çäräni Bütindünýä etnosport konfederasiýasy guraýar. Festiwal däp bolan sport görnüşlerini, medeni mirasy we jemgyýetçilik gymmatlyklaryny birleşdirip, gatnaşyjylara köpugurly tejribelerini hödürleýär.

Dabaraly açylyş däp bolan «Han» çadyrynyň öňünde geçirildi. Oňa «Gülbank» orkestriniň sazlary bilen çykyş eden talyplar, şeýle hem Stambulyň taryhy türk saz toparynyň ýanyçarlar orkestri gatnaşdy.

Açylyş dabarasynda Bütindünýä etnosport konfederasiýasynyň ýolbaşçysy Bilal Ärdogan çykyş etdi. Onuň bellemegine görä, festiwal etnomedeniýetiň baýlygy we dürlüligi bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Çäräniň maksatnamasyna göreş we atçylyk sporty boýunça ýaryşlar girizildi.

«Şu ýyl hem biz dört günüň dowamynda çagalar we maşgalanyň uly agzalary bilen medeniýetimiziň baýlygyndan we dürlüliginden lezzet alarys, däp-dessurlaryň ruhuny duýarys, şeýle-de dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen artistleri, türgenleri we sungat işgärlerini garşy alarys. Festiwala gelen çagalar medeni mirasyň ähli gymmatlyklaryny we ähmiýetini öz tejribelerinde duýup bilerler» — diýip, Bilal Ärdogan aýtdy.

Festiwala Ýaponiýa, Müsür, Gazagystan, Azerbaýjan, Gyrgyzystan, Ispaniýa, Litwa, Russiýa, Italiýa, Özbegistan, Meksika, Bangladeş, Gruziýa, Owganystan, Liwan, Tanzaniýa, Palestina, Bosniýa we Gersegowina, Alžir hem-de Marokko ýaly ýigrimiden gowrak ýurduň wekilleri gatnaşýar.