Turkmenportal logo
Düýn 10:38
56635663
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Aşgabatda geçirilen çärede türk aşhanasynyň baýlygy barada gürrüň berdi

21-nji maýda Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasynyň kabul edişliginde Türk aşhanasynyň hepdeligine bagyşlanan çäre geçirildi. Oňa Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamyradow, daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, KHBS-niň wekilleri we beýleki myhmanlar gatnaşdy.

Türkiýäniň ilçisi Ahmet Demirok gutlag çykyşynda Türk aşhanasynyň hepdeliginiň halkara jemgyýetçiligini Türkiýäniň aşhana medeniýeti bilen tanyşdyrmaga mümkinçilik berýändigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, şeýle çäreleriň üsti bilen Türkiýäniň diplomatik wekilhanalary diňe bir milli tagamlary däl-de, eýsem türk halkynyň taryhyny, myhmansöýerlik däplerini we gymmatlyklaryny hem paýlaşýarlar.

Ilçi bu taslamanyň Türkiýäniň birinji hanymy Emine Ärdoganyň howandarlygynda amala aşyrylýandygyny nygtady. Başlangyjyň möhüm bölekleriniň biri bolan «Türk aşhanasy: wagt çäklerini bilmeýän tagamlar» atly kitap türk aşhanasynyň galyndysyz, ekologiki taýdan arassa we durnukly häsiýetini açyp görkezýär. Demirokyň bellemegine görä, türk aşhanasy Kawkaz, Balkanlar, Ýakyn Gündogar, Egeý, Gara deňiz we Ortaýer deňzi sebitleriniň aşhanalarynyň täsiriniň netijesinde kemala gelen özboluşly mozaikadyr. Ol seljuklar we osmanlylar döwründe gülläp ösüpdir hem-de häzirki wagtda sebit köpdürlüligi sebäpli dünýäniň öňdebaryjy aşhanalarynyň biri hasaplanýar.

Ilçi türk aşhanasynyň peýdaly aýratynlyklaryna hem aýratyn ünsi çekdi. Onuň sözlerine görä, bu aşhana deňagramly iýmitlenmäge ýardam berýär, tebigy önümlere, baý biologik dürlülige we önümleri saklamagyň däp bolan usullaryna esaslanýar. Şeýle-de türk aşhanasy ýokary ekologiýalylygy we galyndylaryň tas doly bolmazlygy bilen tapawutlanýar, sebäbi milli aşhanada önümiň her bir bölegi peýdalanylýar.

«Türk saçagy — maşgalalaryň jemlenýän we myhmanyň hemişe «Taňry myhmany» (Tanry Misafiri) hökmünde kabul edilýän mukaddes giňişligidir. Şeýle saçaklar dürli ýaşdaky, gelip çykyşy we jemgyýetçilik gatlagy dürli bolan adamlary birleşdirip, jemgyýetçiligiň sazlaşygyny we özara hormaty ösdürýär» — diýip, Ahmet Demirok nygtady.

Çykyşynyň ahyrynda ilçi «MADO» kompaniýasyna hemaýatkärlik goldawy üçin hoşallyk bildirip, çäräni taýýarlan ilçihananyň işgärlerine we aşpezlere minnetdarlygyny beýan etdi.

Çäre däp bolan türk tagamlaryny datmak bilen tamamlandy.

Maglumat üçin: Türk aşhanasynyň hepdeligi her ýyl 21–27-nji maý aralygynda dünýäniň köp ýurtlarynda bellenip geçilýär.