21-nji maýda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramowyň Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň Spikeri Eisuke Mori bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda iki ýurduň arasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlyga ýokary baha berildi we hyzmatdaşlygyň syýasy, parlamentara ugurlaryny ösdürmek babatda pikir alyşyşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, Spiker E.Mori syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň ösüşine ýokary baha berdi.
Şeýle hem, duşuşykda türkmen-ýapon syýasy we parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmegiň anyk ugurlary, şol sanda türkmen-ýapon Parlamentara dostluk toparynyň işini güýçlendirmek, Aşgabatda «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» Dialogynyň birinji parlamentara forumyny geçirmek we saglygy goraýyş, bilim, haýyr-sahawat hem-de medeniýet ulgamlarynda iki ýurduň zenan parlamentarileriniň arasynda alyş-çalyş gurallaryny döretmek ara alnyp maslahatlaşyldy.