Şu ýyl Daşoguz welaýatynda takmynan 24 müň uçurym orta bilim baradaky şahadatnamasyny alar. Mekdebi tamamlaýan ýaşlaryň iň köp bölegi Daşoguz şäherinden, Şabat etrabyndan we Garaşsyzlyk etrabyndandyr — diýip, «Türkmenistan: Alty asyr» neşiri habar berýär.
Daşoguz welaýaty häzirki wagtda umumybilim berýän we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň giň ulgamy bilen üpjün edilendir. Sebitde 500-den gowrak orta mekdep bar. Şolaryň arasynda daşary ýurt dillerini we beýleki dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen mekdepler, şeýle hem internat-mekdepler hem hereket edýär.
Okuw edaralarynyň tehniki taýdan döwrebaplaşdyrylmagy yzygiderli dowam etdirilýär. Bu bolsa bilim ulgamyna häzirki zaman tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagyna mümkinçilik berýär.
Umumybilim berýän mekdeplerde döredilen şertler ýokary bilimli ýaş nesli kemala getirmäge ýardam edýär. Şeýle-de çeşmede bellenilişi ýaly, okuwçylaryň aň-bilim taýdan ösüşi bilen bir hatarda olaryň beden taýýarlygyna hem degişli derejede üns berilýär.