Turkmenportal logo
Düýn 07:54
65266526
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ronaldu dubl edip, «Al-Nasr» toparyna Saud Arabystanynyň çempiony bolmaga ýardam etdi

«Al-Nasr» kluby Saud Arabystanynyň çempiony boldy. Topar çempionatyň jemleýji 34-nji tapgyrynda «Damak» toparyny 4:1 hasabynda ýeňdi. Duşuşyk Er-Riýad şäherinde geçirildi.

Ýeňiji toparyň düzüminde Kriştianu Ronaldu iki gol geçirdi (62-nji we 80-nji minutlarda). Şeýle-de senegally futbolçy Sadio Mane (34-nji minutda) hem-de fransiýaly ýarym goragçy Kingsli Koman (52-nji minutda) tapawutlandylar. «Damak» toparynyň ýeke-täk goluny 57-nji minutda penalti urgusyndan Morlaý Silla geçirdi.

Möwsümiň jemi boýunça «Al-Nasr» kluby 86 utuk toplap, «Al-Hilal» (84 utuk) we «Al-Ahli» (81 utuk) toparlaryndan öňe geçdi.

41 ýaşly Kriştianu Ronaldu çempionaty toparyň iň köp gol geçiren oýunçysy hökmünde tamamlady — bu möwsümde onuň hasabynda 28 gol bar. Ol watandaşy Joao Feliksden sekiz gol köp geçirdi. Bombardirleriň umumy sanawynda bolsa Ronaldu 32 gol geçiren «Al-Ahli» toparynyň hüjümçisi Aýwan Toniden soň ikinji orny eýeledi.

Bu çempionlyk «Al-Nasr» kluby üçin Ronaldunyň 2023-nji ýylyň ýanwarynda kluba goşulaly bäri ilkinji üstünligidir. Portugaliýaly futbolçy üçin bolsa bu topar bilen gazanan ikinji kubogy boldy — ol mundan öň 2023-nji ýylyň awgustynda Arap çempionlarynyň kubogy ýaryşynda ýeňiji bolupdy. Ronaldunyň Saud Arabystanyna göçmezinden öň gazanan soňky üstünligi bolsa 2021-nji ýylyň maýynda «Ýuwentus» topary bilen gazanan Italiýanyň Kubogy bolupdy.