Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň 60-njy mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň Belarus Respublikasynyň Milli Ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygy N.Koçanowa bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň resmi saýtynda habar berildi.
Taraplar iki türkmen-belarus döwletara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, şeýle hem abraýly halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýändigini bellediler.
Türkmen tarapy Türkmenistanyň Belarus Respublikasy bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge we berkitmäge aýratyn ähmiýet berýändigini hem-de iki ýurduň arasynda döwletara hyzmatdaşlygy parlament diplomatiýasynyň üsti bilen berkitmäge, ösdürmäge giň mümkinçilikleriň döredilýändigini belledi.
Duşuşygyň dowamynda geljekde hem kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmagy, parlamentara dostluk toparlarynyň işiniň işjeňleşdirmegi, halkara parlament meýdançalarynda birek-biregiň başlangyçlarynyň goldanylmagyny, ugurdaş komitetleriň arasynda gatnaşyklaryň ýola goýulmagyny, ýaş parlamentarileriň we zenan parlamentarileriniň arasynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini, birek-biregiň çärelerine wekilleriniň gatnaşmagyny, wekiliýetleriň saparlarynyň guralmagynyň hem-de duşuşyklaryň, şol sanda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyklaryň geçirilmeginiň goldanylýandygy nygtaldy.
Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Belarus Respublikasynyň Milli Ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygy N.Koçanowany Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda durnukly ösüşi üpjün etmekde oňyn tejribeleri paýlaşmaga we öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmaga gönükdirilen çärelere gatnaşmaga çagyrdy.