Şu gün Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara Assambleýasynyň 60-njy mejlisiniň we Parlamentara Assambleýanyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň işine gatnaşmak üçin maksady bilen Russiýa Federasiýasynda iş saparynda bolýan türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy W.Matwiýenko bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisi habar berýär.
Duşuşygyň dowamynda taraplar döwlet Baştutanlarynyň tagallalary bilen, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň düýpli strategik hyzmatdaşlyk häsiýete eýe bolmak bilen, türkmen-rus gatnaşyklarynyň baý tejribesiniň esasynda dürli ugurlarda, şol sanda syýasy-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli ösdürilýändigi we döwletara gatnaşyklaryň parlamentler derejesinde yzygiderli goldanylýandygyny bellediler.
Duşuşygyň dowamynda geljekde kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmagy, parlamentara dostluk toparlarynyň işini işjeňleşdirmegi, halkara parlament meýdançalarynda birek-biregiň başlangyçlaryny goldamagy hem-de parlamentler derejesinde duşuşyklary we maslahatlary geçirmäge gönükdirilen bilelikdäki çäreleriň ähmiýeti bellenilip geçildi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy W.Matwiýenkony Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek halkara çärelere gatnaşmaga çagyrdy.