Turkmenportal logo
21.05.26
1344413444
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gyrgyzystanyň Hökümetiniň Başlygy Aşgabada geldi
Surat: Surat: ru.kabar.kg

Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy, Prezident Diwanynyň ýolbaşçysy Adylbek Kasymaliýew iş sapary bilen Aşgabada geldi.

Saparynyň dowamynda A.Kasymalyýew 22-nji maýda Aşgabatda geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşar. Onuň dowamynda söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhmany resmi adamlara garşyladylar.

Mundan başga-da, A.Kasymaliýewiň ýokary derejedäki duşuşyklara gatnaşmagyna garaşylýar diýip, khabar.kg habar berýär.