Turkmenportal logo
21.05.26
86808680
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
R.Meredow Belarus Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Belarus Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Pawel Utýupiniň arasynda duşuşyk geçir

Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygynyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Taraplar Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde alyp barýan hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini hem-de Garaşsyz Döwletler Arkalaşygynyň çäklerinde netijeli özara gatnaşyklaryň ähmiýetini nygtadylar.

Şeýle hem medeni-ynsanperwer ugur boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine, şol sanda şu ýylyň dowamynda anyk çäreleri geçirmek meselelerine seredip geçdiler.