Turkmenportal logo
21.05.26
92799279
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda türkmen-belarus DIM-ara geňeşmeleri geçirildi
Surat: Surat: mfa.gov.tm

Şu gün Aşgabatda Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geňeşmeler geçirildi

Wekiliýetlere Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow hem-de Belarus Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Pawel Utýupin ýolbaşçylyk etdiler.

Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, geňeşmeleriň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky yzygiderli dialogyň ähmiýeti bellenildi.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Diplomatlar halkara we sebit düzümleriniň, hususan-da, BMG-niň we GDA-nyň çäklerinde alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini nygtadylar. Ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlary özara goldamak tejribesini dowam etdirmäge taýýarlyk beýan edildi.

Geňeşmeleriň dowamynda taraplar özara söwdanyň häzirki derejesine hem-de ykdysady hyzmatdaşlygy, şol sanda hususy pudagyň ugry boýunça giňeltmegiň mümkinçiliklerine garadylar.

Taraplar medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdylar. Bilim, ylym we medeniýet ulgamlarynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti bellenildi.

Geňeşmeleriň netijeleri boýunça taraplar Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar diýlip, habarda bellenilýär.